icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 dekabr 2020

1789

Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy

Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi üçin Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän goldawyň çäklerinde kabul edildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň baş müftüsi Ý. Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli wekiliýet gatnaşdy we onuň düzümine Türkmenistanyň OYR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H. Öwezow, Türkmenistanyň OYR-nyň Mazari-Şerip şäherindäki Konsuly B. Käbäýew, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynyň baş ymamlary hem-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.

Owgan tarapyndan açylyş dabarasyna OYR-nyň Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, Farýab welaýatynyň häkimi Nakibulla Faýyk, Jowuzjan welaýatynyň häkimi Lotfullah Azizi, ýokarda görkezilen ministrligiň we OYR-nyň DIM-niň Mazari-Şerip şäherindäki wekilhanasynyň wekilleri, Andhoý etrabynyň hem-de Akina şäherçesiniň pudak edaralarynyň we döwlet gulluklarynyň wekilleri, şeýle-de bu welaýatlarda ýaşaýan köpsanly türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Metjidiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylmagynda aýratyn mazmun bardyr. Türkmenistan BMG-niň degişli kararnamalary bilen ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen tutuş sebitde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi ugrunda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistan goňşy ýurduň durnukly ösüşine uly ähmiýet berýär we onuň ösüşiň parahatçylykly akymyna integrirlenmegi babatynda doganlyk raýdaşlygyny we netijeli goldawlaryny berýär. 

Şu gün, owgan halky üçin täze ruhy desganyň açylyşy mynasybetli Türkmenistandan Jowuzjan, Hyrat we Farýab welaýatlaryna derman we lukmançylyk serişdelerinden, Türkmenistanda öndürilen hojalyk, dokma we azyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi hem ugradyldy.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti, şeýle-de Owganystanyň ýokary wezipeli döwlet işgärleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi