icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2017

1033

Türkmenistanyň DIM–nde Ýapon Gaznasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýapon Gaznasynyň Prezidenti j-p Hiroýasu Andonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda traplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň giň ugry boýunça pikirler alyşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini we dinamiki häsiýetini belläp, taraplar olary geljekde giňeltmek baradaky teklipleri beýan etdiler. Şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra taraplar medeniýet, bilim we iki ýurduň Ýolbaşçylarynyň ylalaşyklaryndan gelip çykýan beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.

Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, medeni hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny geljekde giňeltmek barada teklipleri beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi