icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 mart 2021

1284

Türkmenistan ÝHHG bilen energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegi teklip edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly,  dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy boýunça oňaýly gurallaryň döredilmegi ugrunda işjeň hereketleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurt öz nobatynda ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň – Durnukly energiýa boýunça Geňeşiniň döredilmegini teklip edipdi.

Şeýle-de duşuşykda ulag we ekologiýa howpsuzlygy boýunça özara hereketleri giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda, ÝHHG-niň «Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek» taslamasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda “ýaşyl” portlary ösdürmek, sanlylaşdyrmak, şeýle-de söwda hem-de ulag gatnawlarynyň amallarynyň ýeňilleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär. 

ÝHHG-niň Toplumlaýyn ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hünärmenleriň duşuşyklarynyň dowam edýändigi belenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi