Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparyna başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rus toparynyň iş duşuşygy geçirildi.  

Onuň barşynda iki döwletiň arasynda ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi.  

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk öz çykyşynda Hökümetara toparyň döwletara hyzmatdaşlygyň täsirli guraly bolup durýandygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini nygtady.

Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow öz çykyşlarynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygynyň döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi we şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bu ugruny işjeňleşdirmek teklip edildi. Şeýle-de sanly tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, iki döwletiň işewür toparlaryny çekmek arkaly türkmen-rus we rus-türkmen Işewürlik Geňeşleriniň hyzmatdaşlygyny ilerletmek maslahat edildi.

Iki döwletiň Hökümet agzalarynyň we döwlet düzümleriniň ýokary wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň barşynda aşakdaky ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy:

- senagat;

- maşyngurluşyk;

- energiýa;

- ulag we aragatnaşyk;

- maliýe-bank ulgamy.

Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýartyn üns berildi.

Iş maslahatynyň netijeleri boýunça möhüm hökümetara we pudagara resminamalara gol çekildi.