icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 maý 2017

1093

Özbegistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary wagtynda we ýokary derejedäki duşuşyklaryň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilip geçilişi ýaly, iki ýurduň baştutanlarynyň syýasy erki bilen döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy, bu bolsa, öz gezeginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, halkara we sebitleýin guramalarynda, şol sanda Türkmenistanyň häzirki wagtda başlyklyk edýän Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi