icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 maý 2017

1148

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we F.Kisidanyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan üstünlikli dialogyň batly gadamly gatnaşyklaryň girewidigini tassykladylar. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň dürli derejelerdäki duşuşyklary ýygjamlaşdyrmak arkaly gatnaşyklaryň hemme ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zeryrdygy beýan edildi. Özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanan iki ýurduň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy belläp, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bulardan başga-da, ýokary derejede ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. Taraplar medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige gyzyklanmalaryny bildirdiler. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly dialogyň çäklerinde özara hereketleriň ähmiýetini belläp, taraplar iki ýurduň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi