icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 maý 2017

1157

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly Dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Abdyldaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu çarçuwada taraplar ýokary derejedäki saparlaryň wajyp ähmiýetini belläp geçdiler. Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gepleşikleri özara bähbitli esasda kämilleşdirmek  we giňeltmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajyplygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen aragatnaşyklary hil taýdan täze ýokary derejelere ýetirmegi ylalaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda tegelek stollary we işewürler maslahatlaryny gurnamak arkaly özaragatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň uzak wagtlýyn bähbitlerine gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarmagyň zerurlygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi