icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 iýun 2021

978

Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy.

Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.  

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň oňyn mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çygrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Republikasy bilen hyzmatdaşlygynyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösüş depgini nygtaldy.

Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň ýurtda özüniň wezipesine jogapkärçilikli wagtda başlaýandygy aýratyn bellenildi. Ýakyn günlerde Gyrgyz Republikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary amala aşyrylar.

Taraplar Gyrgyzystanyň Baştutanynyň Aşgabada boljak bu saparynyň iki döwletiň arasynda giň gerimli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirmek, şeýle-de ondan gowrak döwletara we hökümetara resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Talant Sultanow türkmen tarapyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi