icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

02 maý 2017

3252

Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly Dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Aslow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» atly Dialogyň çäklerinde bilelikdäki işi kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň ornuny belledi we Dialogyň çäklerinde işjeň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine ygrarlydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara ylalaşylan meseleleriň toplumynyň ýerine ýetirmegiň barşyna seretdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň medeni-ynsanperwer ugurda, ilkinji nobatda medeniýet, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalary bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi