icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 maý 2017

1349

Türkmenistanda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

2017-nji ýylyň 3-nji maýynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Palestinanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda – türkmen-palestin işewürler maslahatyna gatnaşmaga gelen, Palestinanyň işewürler toparlarynyň wekiliýeti bar.

Özüniň çykyşynyň dowamynda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Hossein Ali Mustafa Gannamyň belleýşi ýaly, Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň Türkmenistanyň we Palestinanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýylyna bagyşlanan bu çäreler iki ýurduň arasyndaky dostluykly gatnaşyklary, özaradüşünişmegi we ynamy berkitmage gönükdirilendir.

Dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti Medeniýet günleriniň çägindäki ilkinji çäresi boldy. Onuň maksatnamasyny nusgawy sazlary hem-de ajaýyp halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirýän aýdym-sazly toparlaryň çykyşlary düzdi.

Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň we Palestinanyň amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungaty eserleriniň sergileri guralar.

Medeni çäräniň çäklerinde “Aşgabat” kinomerkezinde häzirki zaman palestin kino sungatynyň wekilleriniň filmleri görkeziler.

Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri 5-nji maýda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde jemlener. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki konserti hem-de çäräniň ýapylyş dabarasy geçiriler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi