icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 awgust 2021

1405

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynanyşmak esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar barada durup geçdi. Şarl Mişel Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

Jenap Şarl Mişel hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkyna we onuň Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeli Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen asylly işlerinde birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi