icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

22 awgust 2016

1972

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistanda täze bellenen baştutany Şahin Nilofer bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň BMG-nyň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine ýokary baha berdiler. Taraplar köp ýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyny geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini barada pikir alyşdylar we muňa ýol görkeziji hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň martynda tassyklan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasy görkezildi.

Türkmenistanyň we BMG-nyň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen ähmiýetli gazanylanlaryň hatarynda – çaganyň ir ösmegi, çagalar hukugy, eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş, pediatriýanyň ösdürilmegi, şeýle hem duzuň düzümindäki ýody we unuň düzümindäki demiri köpeltmek, çagalaryň waksinasiýasy we «Çagalara mähirli mekdepler» we «Çagalara mähirli hassahanalar» başlangyçlary çygrynda milli syýasatyň işlenip taýýarlanmagy we ornaşdyrylmagy.

Duşuşygyň soňunda taraplar Türkmenistanyň we BMG-nyň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygyny geljekde ösdürmeklige ynam bildirler. Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistanda täze bellenen baştutanyna işinde üstünlikler arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi