icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

03 oktýabr 2021

3420

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna aýratyn ähmiýet berildi.    

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine özara taýýarlygyň bildirilendigi beýan edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen tarapy ýokary derejeli eýran wekiliýetini şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi