icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 oktýabr 2021

1223

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwada, RF-de Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar.

Moskwada geçirilýän nobatdaky foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Nobatdaky köptaraplaýyn dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Owganystanda ynsanperwerlik çökgünliginiň öňüniň alynmagy, şeýle-de bu ýurtda hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi boýunça halkara bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle formatda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň owgan topragynda hem-de onuň çäginden daşarda durnuklylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen täze çemeleşmeleriň we utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmegine itergi berýändigini belläp geçdi.

Bu ugurda, özara hereketleriň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, degişli pikirleriň alyşylmagy hem-de olar dogrusynda gaýragoýulmasyz netijeleriň kabul edilmegi üçin owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Şonuň ýaly-da çäräniň dowamynda Owganystanyň üstünden geçýän energetika, ulag we senagat geçelgeleriniň amala aşyrylmagynda halkara guramalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň gatnaşmagy nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli çözgütleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

W.Hajiýew, goňşy döwlet hökmünde Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi