Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi

img

27/10/2021

153

2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşyga şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Iki günüň dowamynda türkmen we eýran bilermenleri özara hereketleriň esasy ugurlaryny hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan özara taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrleriň nygtaýşy ýaly, bilelikdäki Toparyň çäginde geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriň derwaýys ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ähmiýetli meýdança bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän syýasy gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigi beýan edildi hem-de onuň dürli ulgamlarda sazlaşykly ösdürilýändigi bellenildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ilerledilmegi hem iki ýurduň ykdysady özara hereketleriniň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýär. Bu ugurda, ministrler syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki geljegi uly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň agramly bukjasyndan ybarat bolan özara hereketleriň şertnama binýadynyň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

R.Meredow hem-de R.Gasemi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan üçin sebitdäki ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biriniň Eýran tarapy bolup durýandygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikler hem kesgitlenildi.

Özara gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň netijeli özleşdirilmegi arkaly ikitaraplaýyn hereketleriň ulag-üstaşyr hem-de ýangyç-energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Toparyň geçen mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça hem pikirler alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady özara hereketleriniň, gümrük we serhet kadalaşdyrmasynyň, senagat we oba hojalygy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ençeme ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Iki ýurduň sebitleriniň özara hereketleriniň giňeldilmegine, bilim we medeniýet, daşky gurşawyň goragy, lukmançylyk ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Ministrler geçirilmegi yza süýşürilen medeniýet ulgamyndaky çäreleriň, şol sanda birek-biregiň Medeniýet günleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň saparlarynyň guralmagy babatynda hem ylalaşdylar.

Hökümetara toparynyň 16-njy mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.