icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 maý 2017

1010

Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna sapary

2017-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilýän «Russiýa–Yslam dünýäsi: Kazan Summiti-2017» atly IX Halkara ykdysady sammitine we onuň çäklerinde guralan «Russia Halal Expo» atly sergisine gatnaşmak üçin bu ýere iki günlik sapar bilen geldi. 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdiler.

Ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Russiýa–Yslam dünýäsi: Kazan Summiti» atly IX Halkara ykdysady sammitinde çykyş etmek bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini, şol sanda energetika, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklardaky gatnaşyklaryň giňelýändigini belläp geçdi. Tatarstan Respublikasy bilen maşyngurluşyk, energetika we senagat ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarynda özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Şeýle hem, şol günüň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili bilen Tatarstan Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy Farid Muhammetşiniň arasynda duşuşyk boldy. Söhbetdşligiň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi we bu ugurda hemmetaraplaýyn mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary  «Russia Halal Expo» atly sergisine gatnaşdylar. Bu sergide Türkmenistanda öndürilen önümler üçin aýratyn ýörite bölüm berildi we onda görkezilýän azyk önümleri aýratyn ünsi çekiji boldy. Şeýle hem bu abraýly halkara sergisiniň çäklerinde Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tatarstan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi