ÝHHG-niň okuw maslahatynda KHBS baradaky kanunçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 22-23-nji maýynda Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan ýörite okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy temasy – KHBS hakyndaky kanunçylygy halkara ülňülerine we ÝHHG-niň borçnamalaryna kybap getirmek meseleleri boldy.

Iki günlük maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, Ýokary kazyýetiň, ministrlikleriň, ylmy-barlag institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we milli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

«ÝHHG-niň agza döwletleri özleriniň halkara borçnamalaryna laýyklykda maglumat azatlygyny we söz azatlygyny goramak üçin niýetlenen resminamalary kabul etdiler», - diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany, Ilçi Natalýa Drozd aýtdy.

Ol ÝHHG tarapyndan agza döwletlere özleriniň KHBS-niň azatlyklaryna degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermek üçin uly tejribe toplanylandygyny belledi. «Biz bu okuw maslahaty Türkmenistanyň hökümetine KHBS baradaky milli kanunçylygyny kämilleşdirmäge ýardam eder diýip ynanýarys we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýan edýär», - diýip Ilçi Drozd aýtdy.

Okuw maslahatynyň çäklerinde meseleleriň giň toplumyna garaldy, olardan KHBS-ni maliýeleşdirmek, hususy KHBS-leri we bäsdeşlik ýaly temalary mysal getirmek bolar. Maslahata gatnaşan halkara bilermenleri teleradiogepleşikler baradaky kanunlary işläp düzmek baradaky ýörelgeleri boýunça has giňeldilen maglumatlary getirdiler we olary dürli ýurtlarda ýerine ýetirilşi hakynda mysallary aýtdylar.

Maslahata gatnaşyjylar uly halkara sport çärelerini ýaýlyma goýbermegiň we olary görkezmekligiň hukuk esaslary hakynda pikirler alyşdylar.