icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 maý 2017

997

Gresiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Andreas Friganas bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň barşynda türkmen-grek gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meýillerini beýan edip, taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli pudaklarda geljekdäki özaragatnaşyklary mümkinçiliklerine garamak bilen, taraplar syýasy-diplomatik ugrunda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Şeýle hem iki ýurduň ylmy toparlarynyň arasynda hem-de medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek baradaky gyzyklanmalaryny bellediler.

Hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady meselelerine seretmek bilen, taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler we işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garamagy ylalaşdylar.  Halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, grek tarapy Türkmenistanyň bosgunlaryň meselelerini çözmek boýunça tejribesini öwrenmekde gyzyklanmasyny beýan etdi.

Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilini belläp, türkmen tarapy Ilçiniň türkmen-grek gatnaşyklaryny ösdürmek işinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi