icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 mart 2022

2626

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Hytaý toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň gepleşikleri

2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. 

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, R.Meredow we Han Çžen olaryň durmuşa geçirilişiniň depgini babatynda pikir alyşdylar.

Şeýlelikde, syýasy-diplomatik ulgam, gaz pudagy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depgine eýedigi bellenildi.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy boýunça geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk teklipleriň ençemesi beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi