icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 mart 2022

3434

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 30-njy martynda HHR-iň Tunsi şäherinde geçirilýän Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Taraplar şu ýylyň ýanwar aýynda owgan minsitriniň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligi barada bygtap geçdiler.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi we demirýol taslamalary ýaly infrastruktura taslamalarynyň işiniň gidişi barada pikir alşyldy.

Diplomatlar howpsuzlygy üpjün etmek boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi