icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýun 2017

969

Moldowanyň Gagauziýa awtonom territorial birleşmesiniň başlygy bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow bilen  Moldowanyň Gagauziýa awtonom territorial birleşmesiniň başlygy hanym Irina Wlahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom territorial birleşmesiniň arasynda geljekki hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeklige uly ynam bildirip, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowam etdirilmegini bellediler. Taraplar sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistan tarapyndan Gagauziýa awtonom territorial birleşmesinde gurulan  durmuş ähmiýetli desgasynyň gurluşygyna ýokary baha we ynam bildirip, hanym Wlah söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp geçdi. Söwda gatnaşyklarynyň ösüşinde Gagauziýa awtonom territorial birleşmesiniň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp geçip, hanym Wlah Gagauziýaniň eksport mümkinçilikleri hakynda habar berdi.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy we aýratynlykda  gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işleýän  pudaklary barada habar berdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamlarda dürli çäreleri geçirmeklik arkaly bu ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we  bilelikde işleri dowam etdirmeklik barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi