icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 awgust 2022

1177

Awazada Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing geçirildi

2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň hemme mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web-teleýaýlymynda onuň dört resmi dilinde — iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi, diýip brifingde bellenildi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylaryň öňünde wideoýüzlenme bilen çykyş edip, beýan eden täze başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şonda Türkmenistanyň ählumumy ulag gatnaşyklaryna gatnaşmagyny güýçlendirmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wideoýüzlenmesinde şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket etjekdigini aýtdy.

Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Şonda COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly dikeldilişi üçin ulag arabaglanyşygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de Wena Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyny tizleşdirmegiň wajypdygy nygtalýar. 

Brifingde häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, diýlip bellenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant boldy, diyip nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi