icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 sentýabr 2022

4418

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 12-13-nji sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, azerbaýjan wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi