icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 sentýabr 2022

1173

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Toparyň Türkmen tarapynyň başlygy - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, Ermeni tarapynyň başlygy - Ermenistan Respublikasynyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bolup durýar.

Mejlise iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar we onuň gün tertibine iki ýurduň arasynda bar bolan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseleler girizildi.

2017-nji ýylyň mart aýynda Ýerewanda geçirilen Toparyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşyldy.

Taraplar, Türkmenistanyň nebit-gaz, oba hojalygy, azyk we dokma senagatyndan Ermenistan Respublikasyna önümleriň eksport edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyny bellediler. Taraplar, şeýle hem işewür toparlarynyň gatnaşmagynda aragatnaşyk gurmak we duşuşyklary gurnamak arkaly iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmaga we eksport edilýän harytlaryň görnüşini giňeltmäge kömek etmek barada ylalaşdylar.

Taraplar, şeýle hem, senagat, ulag, gurluşyk, binagärlik, oba hojalygy hem-de ýangyç we energetika pudaklaryndaky gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem taraplar ylym, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň täsirli mehanizmi bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdylar.

Toparyň agzalary iki ýurduň bähbidine konstruktiw gepleşikleri has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň zerurdygyny aýtdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisiniň işiniň netijesinde degişli Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi