BMG-niň ştab-kwartirasynda “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çäre geçirildi

img

20/09/2022

632

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnaldy.

Çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy heläkçilikler, ynanyşmazlyklar we bölünişikler, garyplyk, deňsizlik we hukuk kemsitmeleri, azyk harytlaryň we energiýa serişdeleriniň bahalarynyň artmagy, işsizlik we girdejileriň azalmagy, adamlaryň toparlaýyn göçmegi, ählumumy pandemiýanyň dowam edýän netijeleri we ösüp barýan ýurtlarda dikeltmek çärelerini geçirmek üçin maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi ýaly birnäçe meseleler bilen duş gelýändigini belledi.

Köpsanly meseleleri ýeňip geçmek üçin, BMG-de aýdylyşy ýaly, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşine üpjün etmek, azyk haryt ulgamynda özgertmeleri geçirmek we sanly ulgamyň mümkinçilikelrini giňeltmek hem-de adamlaryň bähbidine maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Körýöşi öz çykyşynyň dowamynda Antoniu Guterrişiň sözlerini gaýtalamak bilen, häzirki wagtda dünýäniň yza galýandygyny, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge özüňi bagyşlamagyň zerurdygyny we öz wagtyndalygyny nygtady.

Çäräniň barşynda Hoşniýetliligiň ilçileri we beýleki çykyş edenler dünýä jemgyýetçiliginiň häzir Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin 2030-njy ýyla çenli soňky möhletiň ýarysynda barýandygyny bellediler we agza-döwletleri hem-de dünýä liderlerini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we durnukly ösüşi ýokarlandyrmak boýunça anyk hereketleri amala aşyrmaga çagyrdy.