icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 mart 2023

2085

Argentina Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny mundan beýläk hem goldamagy ylalaşdylar.

Şeýle hem, medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudaklarynda bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi