Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.  Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.  

Duşuşygy açyp, toparyň başlyklary döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp geçdiler we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň öndürijilikli hyzmatdaşlygyny işjeň giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.

Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamy agzaldy. Bu ugurda taraplaryň gyzyklanmalarynyň umumylygyny belläp, ýygnananlar Türkmenistanyň we Gruziýanyň bu meselede hyzmatdaş bolup çykyş edýändigini aýdyp geçdiler. Şoňa görä-de Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesiniň düzülmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda  pikir alyşmalaryň çäklerinde Toparyň agzalary energetika pudagynda özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen tassykladylar.

Ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda  bilim we ylym ulgamynda gatnaşyklary berkitmekligi döwletara dialogyň esasy aspekti hökmünde belläp geçmek bilen, gatnaşyjylar medeni alyş-çalşy işjeňleşdirmekligi aýdyp geçdiler. Şonuň esasynda hem, özara Medeniýet günleriniň geçirilişi barada ylalaşyk gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda mejlise gatnaşyjylar sport we syýahatçylyk ulgamlaryny hem atlandyrdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.