icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

24 sentýabr 2016

1986

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleasynyň 71-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlary

2016-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagynyň ikinji gününde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu bütindünýä maslahatynyň beýik münberinden çykyş edip, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmeklige, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmeklige, howanyň üýtgemegi bilen bagly, raýatsyz adamlaryň, bosgunlaryň we göçüp gelenleriň meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Seýle-de ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň maksatlaryny, wezipelerini we görkezijilerini kabul edýändigi barada resmi yglan etdi. Şeýlelikde Türkmenistan öz milli derejesinde bütindünýä görkezijilerini kabul eden döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy. Bu görkezijiler Türlmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny düzülende we ýerine ýetirlende ulanylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jeffri Feltman we BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap U Hunbo bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda taraplar durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyna taýýarlyk görmekde Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen alnyp barylýan işler barada, sebitleýin howpsuzlygy berkitmekde we beýleki käbir meseleler boýunça bilelikdäki tagallalar dogrusynda pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi