icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 iýun 2023

1797

TDIM-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy H.Tsubaý we Kawasaki Heavy Ind. Ltd kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory K.Sanada bilen duşuşdy.

R.Meredow häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä ýetendigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine itergi bermek üçin aýratyn tagalla edýärler.

Yzygider häsiýete eýe bolan hem-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrülen parlamentara gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýe bolýandygy hem bellendi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi