icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 iýun 2023

1791

Türkmen-ýapon Parlamentara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Ýapon-Türkmen parlament dostluk ligasynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä ýetendigini we ýokary depgin bilen häsiýetlendirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklarynyň bu ugurda möhüm goşant bolup durýandygyny we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan taraplar parlament diplomatiýasynyň ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň güýzünde Ýaponiýa amala aşyran sapary bu ugurdaky gatnaşyklara itergi bermek babatynda möhüm waka boldy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe bilelikdäki meýilnamalar barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi