icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 iýul 2023

2131

Türkmenistanda Tunis Respublikasynyň ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem diplomat ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarapyň hem bähbitlerine doly laýyk gelýän, özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi