icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

02 sentýabr 2023

4075

Türkmenistanyň Ilçisi Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin özara gyzyklanmany beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi