icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 sentýabr 2023

2161

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň  Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy.

Taraplar “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşygyň meselelerine degip geçdiler hem-de “ÝB – MA” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň nobatdaky duşuşygyny guramak barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi