icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

08 sentýabr 2023

2267

Türkmenistan Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge maksat edinýär

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Diplomatik akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp düzmek we soňra oňa gol çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Taraplaryň pikirine görä, özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryndan biri talyp alyşmak tejribesini ornaşdyrmak, ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guramak, bilelikdäki bilim taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşmakdyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi