icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 sentýabr 2023

4650

Türkmenistanda Ispaniýanyň ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ispaniýa Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Özüne ynanylan möhüm wezipäni ýerine ýetirmek bilen, diplomat öz tarapyndan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýakyndan ýardam etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda jenap Markos Gomes Martinese Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler barada gürrüň berildi. Diplomat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen hem tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ispaniýanyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi