icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

24 oktýabr 2023

1935

Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri başlady

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Şol gün Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň eserleri türkmen dilinde we iňlis diline terjime edilen görnüşinde ýerine ýetirildi. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň we Aşgabat şäher Medeniýet bölüminiň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň wekilleri beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömri we döredijiligi barada çykyş etdiler.

Amerikan tarapdan, şahyr we Nýu-Meksiko ştatynyň senatynyň agzasy William Boldwin Onil çärä gatnaşdy hem-de Magtymguly Pyragynyň işine ýokary baha berdi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stoksyň arasynda duşuşyk geçirildi, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu nukdaýnazardan, türkmen talyplary üçin onlaýn okuwy guramagyň mümkinçilikleri, şeýle hem uniwersitetiň professor mugallymlarynyň ylym we bilim pudagynda tejribe alyşmak üçin Türkmenistana saparlary bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi