icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

27 oktýabr 2023

2131

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça, gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda  BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki mümkinçiligini, şeýle-de öňdebaryjy energiýa saklaýyş we geçiriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler halkara jemgyýetçiligi bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini belläp, BMG ÝYK tarapyndan gurnalan çäreleriň we Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň olara gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.

Duşuşykda 2025-nji ýylda Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça Halkara forumyny geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi