icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 noýabr 2023

1313

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Ministrler iki döwletiň ýolbaşçylarynyň erki bilen özara hormat goýmaga esaslanýan ikitaraplaýn gatnaşyklaryň netijeli we yzygiderli ösüşi barada bellediler.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG çäklerinde ýola goýulan işjeň hyzmatdaşlygy seljerilip geçildi. Ministrler “Merkezi Aziýa +” gepleşikleriniň çäginde hyzmatdaşlygyň möhümdigini we ähmiýetlidigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň goldanylýanlygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Diplomatlar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklamak bilen, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, elektroenergetikada, gaz pudagynda, ulagda we logistikada, maýa goýum babatynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine hem üns çekildi.

Duşuşykda taraplar dürli derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi