icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 sentýabr 2017

787

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär.

Türkmenistanyň we Russiýanyň  global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary ýakyndyr.

Ýurtlaryň ikisi hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary we agrosenagat toplumy ýaly ugurlaryň giň topary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasy ynsanperwer ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary, şol sanda, ylym, bilim we amaly barlaglar, medeniýet we döredijilik alyşmalary boýunça üstünlikli dowam etdirilmeginiň aýratyn möhümdigini bellediler.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmeklige we giňeltmeklige gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalarynyň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi