icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2024

2298

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurtlarymyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi