icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

27 sentýabr 2016

1778

Tehranda кonsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 26-27-nji sentýabrynda Tehranda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 12-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bu toparyň işine gatnaşmak üçin Tehrana geldi. Eýran tarapyndan bu topara konsullyk we parlament meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Hasan Gaşgawy ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda 2015-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Aşgabatda geçirilen  iş toparyň 11-nji duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Şeýle-de taraplar konsullyk meseleleriniň hukuk nukdaý-nazarynyň çäklerinde, serhet gözegçiliginde özara bähbitli, gümrük nokatlarynda netijeli dolandyryşy sazlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň soňunda taraplar iş toparynyň nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça jemleýji ähtnama gol çekdiler we toparyň indiki mejlisini 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylaladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi