icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2024

1256

Panamanyň Ilçisi Türkmenistanda akkreditirlendi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Ilçi öz gezeginde, Panamanyň Hökümet Baştutanynyň ýolbaşçysynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgerişler bilen tanyşdyryldy. Şonda ýurduň daşary syýasat işjeňliginiň möhüm ugurlarynyň biri Latyn Amerikasy döwletleri bilen netijeli gatnaşyklardygy bellendi.

Şonuň bilen bir hatarda Mejlisiň düzümi we köpugurly işleri barada maglumat berildi. Şu nukdaýnazardan, parlamentara ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda kesgitlenen ulag, gämi gatnawy, syýahatçylyk ulgamlary bar.

Ýurtlaryň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde döwletara gepleşikleri güýçlendirmek islegi aýratyn bellendi.

Panamanyň Ilçisi ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi