icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

16 oktýabr 2017

2926

Ysraýylyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary  we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Moşe Kamhi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä geçmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde oňa ählitaraplaýyn ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Soňra syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özaragatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-iniň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda geljekde daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gepleşikleri giňeltmegiň zerurlygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi