icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 oktýabr 2017

910

Buharestda türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 16-18-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara guramalar departamentiniň we Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygyndan düzülen  wekiliýet Buharestde saparda boldy.

Saparyň çäklerinde, 16-njy oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky  türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, 17-nji oktýabrda bolsa degişli bölümleriň başlyklarynyň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça syýasy geňeşmeler dowam etdi. Gepleşiklerde rumyn tarapandan BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri  we frankofoniýa Müdirliginiň direktory hanym Mariýa Çiobanu, şeýle hem Rumyniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory jenap Kornel Ionesku ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşiklerde taraplar BMG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýdylanda türkmen tarapy rumyn tarapyny 2017-nji ýylyň sentýabrynda  BMG-niň BA-nyň 72-nji sessiýasynda öňe sürlen Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklaryň syýasay-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ösüşleriň bardygyny bellediler. Duşuşykda energetika we ulag meselelerine  esasy üns berildi. 

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet Sekretary jenap Dan Nekulaesku tarapyndan kabul edildi. Duşuşyda taraplar syýasy gepleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagynyň wajyplygyny, iki tarapyň hem tagallalaryna görä ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli we batly ösüşlere tarap gönükdirilendigi we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine çykýandygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi