Beýik Ýüpek ýolunyň dabaralanmagy

2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda Bereket menzilinde täze lokomotiw deposy açylyp ullanmaga berildi. Bereket menzili Gazagystan–Türkmenistan–Eýran transmilli demir ýolunyň möhüm bölegi bolup, bu ýerde täze lokomotiw deposynyň işe girizilmegi iri demir ýol kärhanasynyň işini täze derejä çykarmaga, lokomotiwleriň we iş toparlarynyň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, otlularyň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işine gatnaşýan işgärler üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

25-nji oktýabrda Bereket lokomotiw deposynyň açylyş dabarasyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky we Eýran Yslam Respublikasynda ilçihanalary hem-de Astrahan şäherindäki konsullygy tarapyndan ýörite brifingler geçirildi.

Bu tanyşdyryş çärelere ýokarda agzalan ýurtlaryň demir ýol pudagynyň agzalary, diplomatiki korpusyň işgärleri, halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tehnikalara hyzmat etmegiň birnäçe görnüşlerini ýerine ýetirmek, depoda abatlaýyş işleriniň ençeme görnüşi amala aşyrylýandygyny, şeýle hem deponyň kuwwatlyklary gündelik abatlaýyş işleri üçin niýetlenen ulgamda 210 teplowoza hyzmat edip bolýandygyny we olaryň birinde ýylda 385 teplowoza, beýlekisinde 10.500 teplowoza hyzmat edip boljakdygy barada habar berildi. Mundan başga-da, Bereket menziliniň täze lokomotiw deposyna bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen demirýolçylary üçin döredilen amatlyklary synlap, deponyň gurluşyna hem-de köpugurlylygyna ýokary baha berdiler we sebitde Bereket lokomotiw deposy ýokary derejede gurulan deposydygyny bellediler. Şeýle hem Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň ugrunda ýerleşen lokomotiw depoly Bereket menzili Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşyk ulgamyndan bu ýoly netijeli ulanmakda, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady, syýahat we beýleki ugurlardaky gatanaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berjekdigini aýratyn belläp geçdiler.