icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 oktýabr 2017

935

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Ignasio Ibanýes bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky ynamly gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Olary geljekde işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki işe taýynlygyny belläp, taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ugurlaryň giň çygry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Olaryň hatarynda ykdysadyýet, energetika we tehnologiýalar ulgamlaryny bellediler, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk meselelerine üns berildi.

Ispan tarapy Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy saklamakdaky ähmiýeti barasynda nygtady we 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatyna (RECCA VII) gatnaşmakda gyzyklanmasyny belledi.

Şeýle hem, türkmen tarapy şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdan bolup hyzmat etjek Energetika Hartiýasynyň Ministrleriniň maslahaty barada habar berdi.

Duşuşygyň çarçuwasynda Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi