icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 sentýabr 2016

1570

Bernde türkmen-şweýsar syýasy geňeşmeleri geçirildi

2016-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Bernde türkmen-şweýsar syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, şweýsar tarapyň wekiliýetine bolsa Döwlet sekretarynyň kömekçisi, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Daşary işler Federal Departamentiniň  Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň başlygy, ilçi Nikolas Brýul baştutanlyk etdiler.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasy üç meselä garaldy: ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin meseleler we iki döwletiň köpugurly syýasaty. Taraplar ähli ugurlar boýunça, aýratyn hem, syýasy we söwda-ykdysady düzümlerinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, geljekde bu ugurda özara ylalaşykly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çarçuwada ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti, gazanylan ylalaşyklary geljekde durmuşa geçirmekde taraplaryň ygrarlydyklary bellenilip geçildi. Şeýle hem, taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmek, ikitaraplaýyn hukuk binýadyny giňeltmek barada ylalaşdylar.

Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň hilini täze derejä çykarmak bilen bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek türkmen-şweýsar işewürler maslahatynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Iki döwletiň işewürleriniň arasyndaky bu ugurdaky giň hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak we özara ylalaşmalary gazanmak bellenilip geçildi. Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjek ulgamlaýyn we netijeli gural hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmegiň möhümdigini bellediler.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar sebitleýin we halkara häsiýetli meseleler boýunça we ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy bilelikdäki göreşi güýçlendirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Türkmenistanda bu meselä ulgamlaýyn çemeleşilýändigini aýdyp, mysal hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirmek boýunça görkezijileriň kesgitlenilendigini habar berdi. Taraplar iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen dürli derejelerdäki duşuşyklaryň möhümdigini aýtdylar.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi