icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2017

876

Türkmenistan we Günorta Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlyk assosiýasiýasy gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Günorta Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlyk assosiýasiýasynyň (SAARÇ) Baş sekretary Amjad Hussein Sial bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistan bilen SAARÇ-yň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, taraplar energetika, ulag we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gyzyklanmalaryny bildirdiler. Sebitde we Owganystanda howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige ymtylýandygyny belläp, taraplar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk derejesine ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň syýasy-diplomatiki kömeklerden başga-da, Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini dikeltmäge we berkitmäge gönükdirilen birnäçe uly möçberli we düýpli taslamalary durmuşa geçirýändigini belläp, SAARÇ-yň  Baş sekretary bu ugurlarda geljekde  tagallalary birleşdirmäge ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny bellediler.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi