icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2017

1179

BAE-niň Daşary işler boýunça Döwlet ministri bilen geçirilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Anwar Muhammet Gargaş bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşini seljerdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmeniatanyň daşary syýasatynyň ugurlarynyň biri BAE bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek bolup durýar, diýip bellediler.

Öz gezeginde BAE-niň wekiliýeti Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna we durnukly eneretika, howpsuzlyga, üstaşyr geçirmeklige we ulag ulgamyna degişli halkara başlangyçlaryna özleriniň doly goldawyny aýan etdi.

Arap wekiliýetiniň baştutany A.M.Gargaş Owganystanda parahat we durnukly durmuşy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna goldawyny bildirdi we RECCA VII maslahatynyň işjeň we üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi