icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

30 sentýabr 2016

1951

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň ynanylan agzalary Türkmenistanda iş saparynda bolýan Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda iktaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda belarus kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýän käbir taslamalara aýratyn üns berildi.

Belli bolşy ýaly, olardan iň ulusy “Belgorhimprom” Açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan Garlyk dag-magdan toplumynyň gurluşygydyr.

Bu nukdaýnazardan, belarus tarapynyň öz üstüne alan kontraktlaýyn borçnamalarynyň dowamlaýyn bozulmalary sebäpli türkmen tarapy özüniň juda ynjalyksyzlygyny bildirdi.

Hususan-da,  türkmen tarapy toplumyň infrastruturasynyň möhüm düzüm bölümleri bolan käbir desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilen wagtyndan ep-esli gijä galmagy bilen bagly anyk maglumatlary getirdi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň hökümet düzümleriniň belarus tarapyna birnäçe ýüztutmalaryna garamazdan, olar indiki spesifikasiýalaryň taslamalary barada we bahasy onlarça million dollara barabar bolan enjamlaryň galan böleginiň getirilmegi bilen bagly maglumaty türkmen tarapyna ýetirmediler.

Şeýle hem, “Belgorhimprom” Açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan toplumyň desgalarynyň gurluşygynda zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň aýlyk haklaryny öwran-öwran tölemändigi bellenildi.

Onuň bilen birlikde Belarusyň Premýeriniň orunbasarynyň ünsi belarus we käbir başga köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen “türkmen tarapynyň özüniň kontrakt boýunça maliýe borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi” baradaky maglumatlara çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetinde bu maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigi bellenildi. Şeýle hem, buýrujy bolup çykyş edýän “Belgorhimprom” tarapyndan ýerine ýetirilen işler üçin tölegleri amala aşyrmak üçin gerek bolan resminamalaryň toplumyny doly we öz wagtynda bermek talaplaryny ýerine ýetirilmeýändigi aýdyldy.

Ýokarda aýdylanlary nazarda tutup, türkmen tarapy Belarus Respublikasynyň Hökümetinden Türkmenistanda Garlyk dag-magdan toplumynyň gurluşygyny wagtynda we üstünlikli tamamlamak üçin gaýragoýulmasyz çäreler toplumynyň kabul edilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi